"TürkmenÄlem 52°E" Milli aragatnaşyk emeli hemrasy habarlarda

09.06.2015

Şu günler milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri “TürkmenÄlem 52°E” aragatnaşyk hemrasynyň üsti bilen ýaýlyma berlip başlandy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ozal habar berlişi ýaly, telekontenti ulanyjylar özleriniň antennalaryny gündogar uzaklygyň 52 gradusyna gönükdirip, onuň hyzmatlaryndan peýdalanyp biler. Şol uzaklykda, Ýer ýüzünden 35 müň kilometrden gowrak belentlikde orbitada türkmen hemrasy ýerleşýär.

Aragatnaşyk hemrasyndan milli ýaýlymlaryň alnyp görkezilişi giň çägi — tutuş Ýewropany, demirgazyk Afrikany we Aziýanyň ep-esli bölegini gurşap alýar. Şol çäkde 1 milliard 200 milliona golaý adam ýaşaýar.....

Habaryň dowamy...

21.05.2015

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Diýarymyz boýunça belent sepgitler eýelenilýär. Arkadag Prezidentimiziň halk barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň beýik başlangyçlary netijesinde ähli ugurlarda dünýä boýunça ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tehnologiýalary, innowasiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak ýokary depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda Milli hemra ulgamyny döretmek, bu ugurdaky işleri dünýä derejesine çykarmak....

Habaryň dowamy...

28.04.2015

Şu gün ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji bilen älem giňişligine çykaryldy. Şu waka mynasybetli Aşgabat bilen ABŞ-nyň “SpaсeX” kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda teleköpri guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ekranlarda Kanaweral burnundaky kosmodromyň badalga meýdançasyndan berilýän telegepleşiklerde “SpaсeX” we “Thales Alenia Spaсe” kompaniýalarynyň işi barada gürrüň berýän....

Habaryň dowamy...

26.11.2014

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda bina edilen Türkmenistanyň milli hemra ulgamynyň dolandyryş merkezine bardy. Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna ylmy gazanylanlary giňden ornaşdyrmak, şeýle hem kosmos işini ösdürmek we kämilleşdirmek onuň ileri tutulýan maksatlaryna öwrüldi. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy geljek ýylyň 1-nji ýarymynda äleme uçurylar....

Habaryň dowamy...

 

 

© 2015 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"