Biz Barada

 

  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň permany esasynda ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de Türkmenistanda kosmos işini ýola goýmak hem-de ösdürmek maksady bilen döredildi.

  Hemra aragatnaşyk ulgamy soňky onýyllyklarda dörän ylymyň we tehnikanyň täze ugurlarynyň biridir. Ol raketa tehnikasynyň, kosmos tilsimatlarynyň, informatikanyň hem-de sanly argatnaşyk tehnikasynyň ulanylyş çäkleriniň iň soňky gazananlaryna esaslanýar.

  Aragatnaşygy global hem-de sebitleýin durmuşa geçirmeklik esasan optika-süýmli we hemra aragatnaşygynyň ulanylmagy netijesinde mümkin boldy.   Optiki-süýmli aragatnaşyk geçiriji liniýalarynyň döredilmegine garamazdan hemra aragatnaşyk ulgamy ýer üsti ilkinji aragatnaşyk torlarynda möhüm orna eýedir.

  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginde öňde goýulan wezipeleri ýerine ýetirmek we işi sazlaşykly alyp barmak üçin aşakdaky:

  • Ýerüsti kosmos üpjünçilik ulgamlary.

  • Strategiki meýilleşdiriş we seljeriş.

  • Hemra ulgamy boýunça ylmy-barlag merkez.

  • Ýörite hemra aragatnaşyk.

  • Tehniki düzgünleri kadalaşdyrmak we ygtyýarlandyrmak.

  • Hukuk we halkara gatnaşyklary.

  • Işgärler bölümi.

  • Buhgalteriýa hasaby we hasabaty.

  • Ykdysadyýet we meýilleşdiriş.

  • Hojalyk bölümi - ýaly bölümler döredildi.

 

En

Ru

Tm

 

© 2015 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"