«TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGINIŇ KOSMOS MÜDIRLIGI

Saglygym-baş baýlygym

 

     Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edilýär. Döwlet derejesinde keselleriň öňüni alyş işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, bu işe uly möçberde döwlet serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň üçin hem biziň her birimiz özümiz hakynda edilýän bu aladalary nazara alyp, öz saglygymyza paýhasly çemeleşmäge, ony gorap saklamaga borçludyrys.

      Jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşaryk çykylanda, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz bolan 2 metr aralygy saklamaly, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertesi güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjylarda saklamaly. Eger-de siz bejeriji berhizleri tutýan bolsaňyz, onda tagamlary diňe lukmanyň beren maslahatlary boýunça taýýarlamaga çalşyň! Gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Bedeniň gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdary gözegçilikde saklanylmalydyr. Munuň özi garaşylmadyk iýmit zäherlenmelerinden, gan basyşyň beýgelmeginden we ganyň düzümindäki süýjiniň mukdarynyň ýokarlanmagyndan gorar.

      Şeýle-de möwsümleýin ýiti respirator kesellerden goranmak we bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokar-landyrmak üçin milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýän narpyz, çopantelpek, ýandagyň güli, käkilik oty, boýbodron, buýan ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary içmeli.

Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasy, ýokanç keselleriň öňüni alyjylyk, bejerijilik aýratynlyklary, şeýle-de onuň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändigi barada nygtady.

       “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitapda bu gymmatly dermanlyk ösümlige giňişleýin häsiýetnama berlip, ondan dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlamagyň hem-de olary ulanmagyň ýollary barada doly maglumatlary hödürleýär.

             Ýerli önümçilik kärhanalarymyzda buýan köküniň gury we goýy ekstraktynyň (toşaby), bir gezeklik haltajyklara we derman çüýşelere gaplanan, şypaly köküň süýri dänesiniň, kesilen görnüşleri haltajyklara we alýumin turbajyklara gaplanan melhem çaýlarynyň, şerbetiň öndürilýändigini bellemelidiris. Bu dermanlar gakylyk aýryjy serişde hökmünde, şeýle-de ýokarky dem alyş ulgamynyň sowuklama keselleriniň, bagyr gepatitiniň we sirrozyň, aşgazan-içege keselleriniň bejergisinde giňden ulanylýar. Buýan kökünden taýýarlanan dermanlyk serişdeler bedeniň immunitetini ýokarlandyryp, onuň dürli wirusly we bakterial ýokançlyklara garşy göreşmek ukybyny hem berkidýär.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bagtyýar ýaşaýşyň açarydyr. Özümizi we daş-töweregimizdäkileri kesellerden goralyň!

Ogulmähri GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.

 

 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi