„TÜRKMENÄLEM 52°E“ MILLI EMELI HEMRA DÜNÝÄ HALKLARYNYŇ DOGANLYK-DOSTLUGYNYŇ KÖPRÜSI BOLAR

21.05.2015

    Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Diýarymyz boýunça belent sepgitler eýelenilýär. Arkadag Prezidentimiziň halk barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň beýik başlangyçlary netijesinde ähli ugurlarda dünýä boýunça ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, täze tehnologiýalary, innowasiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak ýokary depginlerde alnyp barylýar.

    Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda Milli hemra ulgamyny döretmek, bu ugurdaky işleri dünýä derejesine çykarmak baradaky belent başlangyçlary, öňe süren ideýalary her bir türkmen raýatynyň başyny asmana ýetirdi. Türkmen Milli aragatnaşyk emeli hemra ulgamyny gurmak we älem giňişligine çykarmak barada baglaşylan şertnama boýunça işler meýilnama laýyklykda alnyp baryldy.

    „TürkmenÄlem 52°E“ emeli hemra ulgamyny gurnamak üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Fransiýanyň „Thales Alenia Spaсe“ kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu gün bolsa Türkmenistanyň ilkinji „TürkmenÄlem 52°E“ aragatnaşyk emeli hemrasy Älem giňişligine çykaryldy. Milli hemra aragatnaşyk ulgamyna eýe bolmak häzirkizaman ösüş derejesini, ösüş depginini häsiýetlendirýän görkezijileriň biridir.

    Hemra uçurylan pursadyndan soňra hemranyň „uçuş döwri“ başlanýar. „TürkmenÄlem 52°E“ aragatnaşyk emeli hemra 32 minutdan gowrak wagtdan soňra ýeriň atmosfera gatlagyndan şowly geçip Älem giňişligine üstünlikli çykdy. Şol wagtda hemra çykaran göterijiden aýryldy we Älem giňişliginde kesgitli orbita boýunça Ýer şarynyň daşynda erkin hereket edip başlady.

    Aprel aýynyň 28-e hemra Älem giňişligine çykan ilkinji pursatlaryndan meýilnama laýyklykda Ýer şarynyň daşyndan parabola orbita boýunça hereket edip başlady. Emma, hemranyň ýerleşmeli geostasionar orbitasy hemranyň hereket edip başlan orbitasyndan örän uzakda ýerleşýar. Şonyň üçin hemranyň bu hereket orbitasynynyň perigeýini giňeltmeli, ulaltmaly boldy. Şol maksat bilen 29-njy aprelde hemranyň hereket tizligini ýokarlandyrmak, şeýlelikde hereket orbitasyny ulaltmak (giňeltmek) üçin hemranyň esasy hereketlendirijisi birinji gezek işe girizildi we hemranyň tizligi öňkiden sekuntda 803,7 metr ýokarlady.

    Äleme çykarylan ilkinji pursatlardan hemradaky Gün panelleri bölekleýin açyldy. Hemranyň awtonom energiýa üpjünçilik ulgamy işe başlady.

    Hemranyň hereket tizligini ýokarlandyrmak üçin 30-njy aprelde hemranyň esasy hereketlendirijisi 2-nji gezek az wagtlyk işe girizildi we hemranyň hereket orbitasynyň perigeýi 26756 kilometre çenli giňeldildi.

    Hemranyň esasy hereketlendirijisi 2-nji maýda üçünji gezek işe girizildi we hemranyň aýlanma orbitasynyň perigeýi 35662 kilometre çenli giňeldildi. Ýerine ýetirmeli wezipesini ýerine ýetirenden soňra hemranyň esasy hereketlendirijisi öçürildi.

    Hemra uçurylanda birbada özüniň ýerleşmeli gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadyna çykarylmaýar. Ilki bilen hemra Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 42-nji nokadyna çykaryldy. Soňra hemra özüniň kiçi hereketlendirijileriniň kömegi bilen her gije-gündüziň dowamynda takmynan ornuny 1 gradus töwereginde üýtgedip Älemdäki geostasionar orbitanyň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadyna tarap hereketini dowam etdi.

    Hormatly Prezidentimiziň edýän taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan watanymyzyň ilkinji „TürkmenÄlem 52°E“ aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda ir säher, Aşgabat wagty bilen 07 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda üstünlikli ýerleşdirildi.

    Hemradaky geçirilmeli beýleki barlag-test işleri meýilnama laýyklykda hemra özüniň ýerleşmeli 52-nji nokadyna barandan soňra geçiriler. Bu işleri 20-21 günüň dowamynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Geçirilmeli barlag işleriniň hemmesi üstünlikli geçirilenden soňra hemra işine başlar hem-de Fransiýanyň „Thales Alenia Spaсe“ kompaniýasy hemra ulgamyny Türkmenistana tabşyrar.

    „TürkmenÄlem 52°E“ emeli hemra-aragatnaşyk emeli hemrasydyr. Hemranyň 26 sany transponderiniň (aragatnaşyk kanallar toplumlary) 16 sanysy „FSS“ radioýygylykly transponderlerdir, bu transponderler arkaly hemra aragatnaşygynyň şu hyzmatlaryny amala aşyryp bolýar:

   1.  Giňzolakly internet hyzmatlary.

   2.  Aralykdan lukmançylyk hyzmatlary.

   3. Hemra telefon aragatnaşygy.

   4. Wideogepleşikler we wideokonferensiýalar.

   5. Aralykdan okuwlary.

   6. Hereketli obýektlerde hemra aragatnaşygy:

       - awtoulaglarda,

       - suw ulaglarynda.

    7. Uzak aralykdan (müňlerçe kilometrden) maglumat alyş-çalyşygy.

    Hemranyň 10 sany „BSS“ transponderi arkaly telewideniýa kanallaryny geçirmek bolýar.

   „BSS“ radioýygylykly transponderler telewideniýe kanallaryň çözüjilik ukubyna hem-de tarnsponderdäki kanallaryň ýygylyklaryň dykyzlandyrylyşyna baglylykda her bir transpondere:

   - Standart çözüjilikli formatdaky telewidenýanyň 7 sany kanaly,

   - Ýokary çözüjilikli formatdaky telewidenýanyň 4 sany kanaly,

   -„Üç ölçegli“ formatdaky telewidenýanyň 2 sany kanaly ýerleşýär.

    Şeýlelikde, formatyna baglylykda „BSS“ radioýygylykly transponderlere telewidenýanyň 20–den 70–e çenli kanallaryny ýerleşdirmäge mümkinçilik bolar.

    Hemranyň 1 sany transponderi arkaly sanly radio kanallarynyň ýüzlerçesini ýaýlyma berip bolar.

    „TürkmenÄlem 52°E“ aragatnaşyk emeli hemrada 3 sany: „Gündogar“, „Günbatar“ hem-de „Ýakyn gündogar we demirgazyk Afrika“ (MENA) antennalary ýerleşdirilendir. Hemra bu antennalaryň kömegi arkaly Ýer ýüzüniň 100-den köpräk ýurdunda bir milliard iki ýüz müňden gowrak ilatyna bir wagtda hemra aragatnaşygynyň ýokarda mysal getirilen hyzmatlaryny ýokary hil bilen amala aşyryp biler.

    Ykdysady taýdan girdejililigi, elbetde esasy görkezijileriň biri bolup durýar. Bu meselede ilkinji nobatda hemranyň hyzmatlarynyň halk köpçüligine hödürlenişine, hyrhnamalaryň elýeterliligine, hiline, ygtybarlylygyna we ş.m. birnäçe häsiýetnamalara bagly bolar. Nyrhnamalaryň üýtgäp durmaklygynyň ýene-de bir sebäbi hyzmatlaryň ýerine ýetirilýän sebitlerinde ugurdaş hyzmatlaryň mukdarynyň köplügine hem baglydyr.

    Häzirki wagtda dünýä tejribesinde hemra aragatnaşygynyň hyzmatlarynyň bazarynda nyrhnamalar müşderileriň islegine baglylykda dürli aratapawutlara çenli üýtgedilýär. Bu nyrhnamalar biziň halkymyz üçin elýeterli bolar.

    Şeýle uly mümkinçilikleri döredip berenligi üçin Milli kosmos agentligimiziň hünärmenleriniň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli ähli tutumly işleri rowaç bolsyn!

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY MILLI KOSMOS AGENTLIGI

 

© 2017 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"