TARYHY WAKA MYNASYBETLI TÄZE NUMIZMATIKA ŞAÝY PULLARY

01.05.2015

    Taryhy wakany — Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52° E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine uçurylmagynyň şanyna ýurdumyzyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryny, şeýle hem şu ýadygärlik şaýy pullardan toplumlary taýýarlady. Ýadygärlik şaýy pullaryny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy — Beýik Britaniýanyň “The Roýal Mint Limitet” zikgehanasy taýýarlady.

     Şaýy pullarynyň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň kartasynyň aýdyň sudury görünýän dünýä kartasy şekillendirilipdir. Dünýä kartasynyň aşagynda “TürkmenÄlem 52° E” diýen ýazgy bar. Dünýä kartasynyň ýokarsynda telekommunikasiýa hemrasynyň şekili, şeýle-de hemradan Türkmenistanyň kartasyna tarap çykýan radio tolkunlar şekillendirilipdir. Hemranyň ýokarsynda “MILLI KOSMOS  AGENTLIGI” diýen ýazgy bar. Şaýy pullaryň iň ýokarsynda türkmen milli haly gölleri görkezilipdir. Şaýy pullaryň aşaky böleginde zeýtun şahajyklary ýerleşdirilipdir. Şaýy pullar dört we altyburçly ýyldyzlar bilen bezelipdir.

 Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy güberçekli görnüşde şekillendirilipdir, onuň ýokarsynda ýarym aýlaw boýunça “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy ýerleşdirilipdir. “ELLI MANAT” diýen ýazgy şaýy pulunyň nominalyny görkezýär. Bu ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda  Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy (altyn pulunda 39,94 gr., kümüşde 28,28 gr.) görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly şekiller bilen bölünendir. Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm.

   Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan sertifikaty şaýy pullaryň (pruf) hilini kepillendirýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly numizmatika toplumynyň we ýubileý şaýy pullarynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

En

Ru

Tm

 

© 2015 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"