ÝURDUMYZYŇ ILKINJI HEMRA ARAGATNAŞYGYNA BADALGA BERMEK DABARASY BOLDY

28.04.2015

     Kanaweral burny-Aşgabat, 27-28-nji aprel (TDH). Şu gün ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji bilen älem giňişligine çykaryldy.

 

Şu waka mynasybetli Aşgabat bilen ABŞ-nyň “SpaсeX” kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda teleköpri guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

 

Ekranlarda Kanaweral burnundaky kosmodromyň badalga meýdançasyndan berilýän telegepleşiklerde “SpaсeX” we “Thales Alenia Spaсe” kompaniýalarynyň işi barada gürrüň berýän wideoşekilleriň görkezilmegi teleköpri boýunça guralan dabaraly çäreleriň başlangyjyna öwrüldi. Soňra dabara gatnaşyjylar we göni ýaýlyma tomaşa edýänler häzirki döwürde kosmos ýurtlarynyň hataryna goşulýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri baradaky wideofilme seredýärler.

 

Aşgabat wagty bilen sagat 2.50-de mähriban Watanymyzyň ýüregi Aşgabady ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşýän kosmodromyň dolandyryş merkezi bilen baglanyşdyrýan teleköpri başlanýar. Teleköprini Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligini başlygy A.Ataýew açýar. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52°E” emeli aragatnaşyk hemrasyny ABŞ-nyň badalga meýdançasyndan älem giňişligine çykarmak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berýär.

 

Dabaraly pursat ýakynlaşýar. Ýurdumyzyň Milli kosmos agentliginiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowdan göterijini goýbermäge rugsat bermegini haýyş edip ýüzlenýär.

 

... Göz gamaşdyryjy ýagtylyk lowurdaýar...

 

Badalga! Üstünde türkmen hemrasy bolan “Falcon-9“ bulutlardan geçip, asmana gönügýär. Teleköpriniň göni ýaýlymynda bolsa göterijide oturdylan kameralaryň wideoşekilleri görkezilýär...

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyny ýurdumyzyň kosmos giňişligindäki täze üstünliklere atarýan şanly waka bilen gutlady.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy A.Ataýew “TürkmenÄlem 52°E” emeli aragatnaşyk hemrasynyň üstünlik bilen uçurylandygy barada hasabat berýär.

 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” emeli hemra aragatnaşygynyň kosmos giňişligine çykarylmagy bilen watandaşlarymyzy gutlap, Bitarap döwlet bolan ýurdumyzyň halkara giňişligine parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer başlangyçlar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýermek arkaly çykýandygyny belledi.

 

Biz hemra aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde hem parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlaryndan ugur alýarys. Şoňa görä-de, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berjek hemra ulgamy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu aragatnaşyk hemrasy milli tele we radioýaýlymlarymyzyň alnyp görkezilişiniň hem-de eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, ýokary hilli Internet ulgamyny, göni ýaýlymda teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny ýola goýmaga şert döreder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz bu aragatnaşyk ulgamynyň uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde öýjükli aragatnaşyk ulgamyny gurnamaga ýardam berjekdigini, şeýle hem onuň maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigini belledi.

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine üstünlikli çykarylmagy bilen tüýs ýürekden gatladylar.

 

Şeýlelikde, ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan enjamy “Falсon 9” göteriji-raketa bilen älem giňişligine çykaryldy.

 

27-nji aprelde bütindünýä wagty boýunça 23 sagat 03 minutda (Aşgabatda 28-nji aprel 4 sagat 03 minutda) üstünde türkmen aragatnaşyk hemrasy bolan iki basgançakly raketa SLС-40 goýberiş toplumyndan badalga bellenilen kada laýyklykda amala aşyryldy. Uçuşyň üçünji minutynda raketanyň birinji basgançagy aýrylyp, ikinji basgançagyň hereketlendirijisi işe girizildi. Älem giňişligine çykyp we uçuş ugrunda zerur orny eýelän “TürkmenÄlem 52°E” aragatnaşyk hemrasy göterijiden şowly aýryldy.

 

 Uçuşy amala aşyrýan “SpaсeХ” amerikan kompaniýasy kosmos enjamynyň aralyk geogeçiriş orbitasyna üstünlikli çykarylandygy we bu uly ähmiýetli taslamanyň bir tapgyrynyň şowly tamamlanandygy barada hasabat berdi.

 

Biraz wagtdan soň hemradan Ýere signal gelip ýetendigi we onuň bellenilen tertipde hereketini üstünlikli dowam etdirýändigi barada habar gelip gowuşdy. Hemrany älem giňişligine çykarmagyň bellenilen tertibine laýyklykda, şu pursatdan başlap “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy hemrany dolandyrmagy öz üstüne alýar.

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow teleköpriniň ahyrynda halkymyzy Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

...Şundan soňky birnäçe günüň dowamynda hemra geostasionar orbitanyň belentligine çykar we gündogar uzaklygynyň 52 gradusda öz orbital ornuny eýelär. Bu hereketi ýerine ýetirmek üçin raketa göteriji kosmos enjamy tarapyndan berlen başky itergi we hemranyň özüniň apogeý hereketlendirijisi peýdalanylar. Şol günleriň dowamynda Koreýa Respublikasynyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Italiýanyň çäklerinde ýerleşdirilen ýerüsti dolandyryş stansiýalarynyň birnäçesi arkaly aragatnaşyk hemrasynyň hereketine hemişelik gije-gündizleýin gözegçilik amala aşyrylar. Ugurdaşlykda türkmen hünärmenleri Ahal welaýatyndaky hemrany Dolandyryş merkezinde hemranyň telemetriýasyny alarlar.

 

“TürkmenÄlem 52°E” orbitada öz ornuna ýeteninden soň Ahal welaýatynda ýerleşýän hemrany dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygy ýola goýar. Şondan soňra hünärmenler hemra ulgamynyň işleýşini doly synagdan geçirerler. Tehniki synaglar üstünlikli geçirilenden soňra hemra äleme uçuryldy diýlip hasap ediler, şondan soňra kosmos enjamyny dolandyrmagy türkmen hünärmenleri öz üstüne alarlar.

 

Hemranyň tutuş enjamyndan alynýan maglumat we barlag ölçegleri hemranyň dolandyryş merkezinde hasaba alnar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde, edaralarynda okuw we tejribe geçdiler. Şeýlelikde, taýýarlyk derejesi bolan işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamynyň ýagdaýyna gije-gündizleýin gözegçiligi amala aşyrarlar hem-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýerüsti beketlerden kosmos orbital enjamlarynyň dolandyrylyşyny üpjün ederler we onuň işleýiş derejelerine doly gözegçilik ederler.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY MILLI KOSMOS AGENTLIGI

 

© 2017 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"