TÜRKMENISTANLYLAR V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ MAKSATNAMASYNDAKY SPORTUŇ 21 GÖRNÜŞINIŇ 15 SANYSYNDAN BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDY

27.09.2017

Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi.

Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medala, şol sanda 36 altyn, 23 kümüş hem-de 59 bürünç medala eýe bolup, üçünji orny eýeledi.

 

Günüň birinji ýarymynda Olimpiýa şäherjiginde Azadanyň soňky ýaryşlary geçirildi. Türkmen küştçüleri Mähri Geldiýewa we Hurma Weliýewa toparlaýyn bäsleşikde bürünç medaly eýeledi.

 

Tennisde erkekleriň arasynda ýekeleýin bäsleşikde çempion belli boldy. Hindistandan Nagal Sumit finalda öz ildeşi Wijaý Natarajany utup, altyn medaly gazandy.

 

Erkekleriň arasynda bouling boýunça finalda Hytaý Taýpeýiniň, zenanlaryň arasynda Koreýa Respublikasynyň türgenleri ýeňiji boldy.

 

V Aziýa oýunlarynyň tutuş dowamynda Türkmenistanyň ýygyndy topary medal hasabynda birinji orny eýeläp geldi, hiç topary öňe geçirmedi. Ýaryşlaryň her bir güni türkmen toparyna dürli derejeli medallary getirdi. Türgenlerimiz “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň 15-si boýunça baýrakly orunlary eýelediler.

 

Türkmenistanyň türgenleri Aziýanyň we Okeaniýanyň iň güýçli türgenleri bilen mynasyp bäsleşip, Aziadada taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler, munuň özi milli sportuň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygynyň subutnamasydyr.

 

Ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň köpüsiniň birbada birnäçe medal eýeländigini aýratyn bellemelidiris. Göreşijiler Seýdi Batyrow alty altyn medala, Zuhra Madraimowa we Nasiba Surkiýewa – hersi altyn medallaryň bäşisine mynasyp boldy. Beýleki türgenlerimiz hem dürli derejeli medallaryň birnäçesini eýeläp, öňde barýan ýoldaşlarynyň göreldesine eýerdiler.

 

Türkmen türgenleri özleri üçin adaty bolan göreş, kuraş, guşakly göreş, sport göreşi boýunça has şowly çykyş etdiler.

 

Türkmenistanlylar kikboksing we taý boks tutluşyklarynda ençeme gezek hormat münberine çykdylar. Türkmenistanyň ýygyndy topary jiu-jitsu boýunça ýedi altyn medala, samboda sekiz medala, şol sanda bir kümüş, bir bürünç medala eýe boldy.

 

Ildeşlerimiz agyr we ýeňil atletika, sport tanslary, konkur, küşt hem-de bilýard boýunça baýrakly orunlary eýelediler. Türkmenistanlylar toparlaýyn oýun görnüşlerinde hem baýraksyz galmadylar – ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy toparynyň 3x3 basketbol görnüşi boýunça baýrakly orun ugrunda çekeleşikli bäsleşigi köpleriň ýadynda galandyr.

 

Şeýle ýokary derejeli halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegiň tejribesi geljekde hem ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer. Munuň üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilendir.

 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary netijeli türkmen sportuny ösdürmekde hem-de hil taýdan täze derejä çykarmakda öňe tarap örän uly ädim boldy.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY MILLI KOSMOS AGENTLIGI

 

© 2017 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"