"AŞGABAT 2017" OÝUNLARYNYŇ BEZEG ÖWÜŞGINLERINDE TÜRKMENISTANYŇ TÄSIN MILLI MIRASY ŞÖHLELENDIRILDI

26.09.2017

"Aşgabat 2017" oýunlary diňe bir uly we nurana baýramçylyk bolman, eýsem-de, onda türkmen halkymyzyň medeni mirasy hem-de medeniýetimiziň beýik gazananlary ajaýyp, doly derejede dünýä görkezildi.

 

Milli myhmansöýerlik ruhuna beslenen oýunlaryň özünden başlap hem-de bu örän uly wakany halk dessurlaryndan, döredijilik, çeperçilik däplerinden jemlenen gurşap alan töwerekdäki milli öwüşginleri öz içine alyp—bularyň hemmesi milli mirasymyzyň özboluşly gözelliginiň hem-de baýlygynyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň heniz pikir maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylýan tapgyrynda ähli babatda Aziadanyň guramaçylykly geçirilmegi bilen baglanyşykly ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça: onuň nyşanlarynda, binagärliginde we sport desgalarynyň bezelişinde, türkmen paýtagtynyň gözelliginde, türgenleriň hem-de meýletinçileriň egin-eşikleriniň görnüşinde Türkmenistanyň täsin milli mirasyny beýan etmek wezipesini öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň hut özi bu meselä gözegçilik edip, onuň çözülmegini ähli ugurlar boýunça yzygiderli barlap durdy. Milli Liderimiziň pikirine görä, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen etiki gymmatlyklaryň hem-de ahlak kadalarynyň ulgamy hökmünde hut halkymyzyň medeni mirasy "Aşgabat 2017" Oýunlary ýaly, şeýle ägirt uly taslamanyň çuňňur ynsanperwerlik ugruny, ruhy, parahatçylyk döredijilik mazmunyny açyp görkezmelidir.

 

Aziadanyň müňlerçe myhmanlary we oňa gatnaşyjylar, şu günlerde paýtagtymyza gelip gören köp sanly syýahatçylar, şeýle hem Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden millionlarça teletomaşaçylar we okyjylar medeni mirasymyzyň genji-hazynasy barada has ýakyndan düşünje almaga mümkinçilige eýe boldular. Elbetde, munuň özi köp babatda halkymyzyň taryhy dürli eýýamlardan çitilen äpet uly haly hökmünde göz öňünde janlandyrylan oýunlaryň açylyş dabarasynda ýatdan çykmajak täsirleriň netijesinde mümkin boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlary açyk diýip yglan edip, uly bolmadyk jaňy kakyp, dabaralara badalga berdi. Şu hem milli mirasymyzyň däpleriniň biridir—gadymyýetde şeýdip möhüm hem-de şatlykly wakalar barada habar beripdirler.

 

Oýunlaryň açylyşynda görkezilen şüweleňiň ajaýyp baý öwüşgünlerine halkymyzyň mirasy bilen baglanyşykly keşpleriň örän uly köpdürlüligi siňdirildi. Bu bolsa, ilkinji nobatda, milletimiziň ruhy senenamasydyr. Ol basyp alyşlaryň hem-de söweşleriň taryhy tertibi däl-de, gülläp ösýän şäherleri hem-de kuwwatly döwletleri guran, gaýtalanmajak binagärlik ajaýyplyklaryny bina eden hem-de dünýä deňsiz-taýsyz bedewleri... bagyşlan türkmenleriň döredijilik, ruhy tejribesiniň we kuwwatynyň neneňsi toplanandygy barada tutumly beýanatydyr.

Ahalteke bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany bolup, Aşgabat Aziadasynyň esasy alamatlarynyň birine öwrüldi. Onuň Olimpiýa stadionynyň depesindäki äpet şekili belentlikden görünýär hem-de dürli keşpleri Olimpiýa şäherjiginiň bezelişinde sansyz möçberde ençeme ýerlerde duşýar. Türkmenleriň medeni däplerinde bedewe neneňsi ähmiýet berlişine, onuň milletiň ykbalynda neneňsi ajaýyp orun tutuşyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan 500 günlük atly ýöriş bolan deňsiz-taýsyz çäre boýunça hem baha berip bolar.

 

Şunda hem baý milli mirasymyz bilen birlikde, asyrlaryň jümmüşinden biziň şu günlerimize gelip ýeten dessuryň şöhlelenmesi bar—atly çaparlar mähriban topragymyzyň ähli künjegine hoş habary ýetiripdirler.

 

Ine-de, elinde iň iri “Galkynyş” gazojagyndan ýakylyp alnyp gelnen alaw bolan atçylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldi, şonda Akhan bedewi (ol ahalteke bedewleriniň arasyndaky Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi) galanyň ýokarsyna çykyp, şondan alawyň uçguny göni ýüzärligiň bogdagy görnüşindäki çanaga düşdi—şeýdip, "Aşgabat 2017" oýunlarynyň alawy ýakyldy.

 

Bu görnüşleriň ählisi türkmen halkynyň öz gözbaşlaryna sarpa goýşyny, onuň öz güýjüne hem-de ajaýyp bagtyýar geljegine bolan ynamyny çeper beýan edýär. Açylyş dabarasynyň hem-de tutuş Olimpiýa şäherjiginiň gözelliginiň her bir öwüşgininiň milli mirasymyzyň möhrüni özünde jemleýändigini bellemek gerek. Munuň özi keşbi Ginnesiň rekordlar kitabyna giren hem bedewiň boýnundaky atlara dakylýan däp bolan bezeg şaý-sepleridir, hem oýunlaryň alawy ýanyp duran çanagyň daşyny gurşap alan ýüzärlikden edilen altyn täçdir, hem bu bejeriş häsiýetli ösümligiň ýakylmagyndan stadiony gurşap alan tüssedir, hem stadionyň tutuş meýdançasyny her dürli ýagtylykly görnüşleriň gurşap almagy netijesinde emele gelen äpet owadan halydyr...

Elde döredilen haly Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryny bezeýän nagyşlarda we göllerde, meýletinçileriň hem-de türkmen ýygyndy toparlarynyň agzalarynyň egin-eşiklerinde öz beýanyny tapan milli mirasymyzyň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr.

 

Şüweleňiň geçýän mahaly tomaşaçylar topragymyzyň köpsanly ýadygärliklerini, gadymyýetiň belli wakalaryny hem-de milli taryhymyzyň sarpalanýan mukaddesliklerini, onuň şöhratly gahrymanlaryny gördüler.

 

Milli toparlaryň ýörişini V Aziadanyň şekili bolan eli alabaýly ýetginjek açdy. Bu bolsa milli mirasymyzyň ýene-de bir janly we aýdyň nyşanydyr. Ony oýunlaryň tumary görnüşindäki ýaprak hem alamatlandyrýar. Onuň milli nagyşlarynda ýurdumyz baradaky beýanat gysga görnüşde şekillendirilipdir.

Bu görnüşleri, nyşanlary hem-de keşpleri birleşdirýän esasy pikir mirasymyzyň her bir merjeniniň halkyň milli özboluşlylygynyň,türkmen halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýanlygyndan ybaratdyr. Medeniýet düşünjesine, şeýle hem ahlak kadalary, adamlaryň özüni alyp barşy we döwletiň eýerýän ýörelgesi girýär.

 

Mätäje kömek goluny uzatmak halkymyzyň parasatly, ynsanperwer däpleriniň biridir. "Aşgabat 2017" Oýunlarynda bu däp hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýaryşlara bosgunlaryň toparynyň, ýagny özlerine bagly bolmadyk sebäplere görä, Watanyndan jyda düşen adamlaryň gatnaşmaga çagyrylmagynda öz beýanyny tapdy. Şeýle işi üçin diňe bir bosgunlaryň ýygyndy toparynyň agzalary däl, eýsem-de birnäçe döwlet işgärleri, halkara guramalaryň we sport düzümleriň ýolbaşçylary milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Biziň sport baýramçylygymyz hem türkmen toýunyň ajaýyp däplerini özünde jemledi. Oňa gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen aşhanasyny bilmäge hem-de halamaga mümkinçilik berlip, onuň her dürli naharlaryndan dadyp görmäge şert döredildi, olara türkmen sazyny diňe bir diňlemäge däl, eýsem-de, milli saz gurallarynda sapak almaga, haly dokamagyň ilkinji emellerini ele almaga. Şeýle hem milli mirasymyzyň beýleki sahypalaryna galtaşmaga... mümkinçilik boldy.

Meýletinçiler, hyzmat edýän işgärler ýurdumyzyň myhmanlaryna öz gözelligi we gadymylygy bilen uly gyzyklanma döreden halk däp-dessurlary barada köp gyzykly zatlary gürrüň bermäge taýýardygyny görkezdiler. Şu günlerde bedewleriň we alabaýyň şekilleri, tikilen tahýalar, telpekler hem-de çeper senetçiligiň we amaly-haşam sungatynyň beýleki eserleri köpsanly sowgatlyk önümleriň arasynda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. Bu eserleriň her birinde, suwuň damjasynda bolşy ýaly, türkmenleriň milli mirasynyň çäksiz dünýäsi şöhlelenýär.

 

Halkara sport wakalarynyň esasylarynyň hataryna oýunlaryň haýran galdyryjy açylyş dabarasynyň, türkmenleriň taryhy-medeni mirasynyň goşulmagy häzirki kompýuter tehnologiýalar asyrymyzda, dünýä möçberli işlerde hem onuň egsilmez ähmiýetiniň ýüze çykmasyna öwrüldi.

 

Medeni baýlygynyň üsti bilen Türkmenistan tutuş dünýä açylýar we şol bir wagtda-da öz milli mirasyny saklap we artdyryp, umumydünýä ähmiýetli ösüş ugurlaryna tarap döwrebaplaşdyrmak we ýakynlaşmak syýasaty babatda özüniň mundan beýläkki ösüşi üçin täze gözýetimleri açýar.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY MILLI KOSMOS AGENTLIGI

 

© 2017 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"