TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI EMELI HEMRANYŇ DOLANDYRYŞ MERKEZINE BARYP GÖRDI

26.11.2014

       Şu gün Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda bina edilen

Türkmenistanyň milli hemra ulgamynyň dolandyryş merkezine bardy. Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna ylmy gazanylanlary giňden ornaşdyrmak, şeýle hem kosmos işini ösdürmek we kämilleşdirmek onuň ileri tutulýan maksatlaryna öwrüldi. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy geljek ýylyň 1-nji ýarymynda äleme uçurylar.

        Milli kosmos agentligi hemra aragatnaşygyny sazlamak, kosmos giňişligini öwrenmek boýunça,

Türkmenistanyň çäginden emeli hemramyzy dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirer. Türkmenistanyň milli emeli aragatnaşyk hemrasy orbita çykarylandan soň ony dolandyrmak Ahal welaýatyndaky milli hemra ulgamyny dolandyryş merkezinden we Daşoguz welaýatyndaky ätiýaçlyk dolandyryş merkezinden amala aşyrylar. Milli hemramyz Türkmenistanyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Munuň özi maglumatlar- kommunikasiýa ulgamlaryny, Interneti, hemra telewideniýesini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleri babatda aýratyn möhümdir.

       Emeli hemrany Dolandyryş merkezinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler

Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby hem-de hukuk gopaýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Dolandyryş merkeziniň zalynda ýaş hünärmen döwlet Baştutanymyzy onuň şleýiş ugurlary bilen tanyşdyrdy. “Türkmen Älem 52° E” milli aragatnaşyk hemrasy Ýeriň üstünden takmynan 36 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän, geostasionar orbitasyna çykarylar. Şunuň ýaly belentlikde hereket etmek bilen, emeli hemra 24 sagadyň dowamynda-- Ýeriň gije-gündiziň dowamynda aýlanyş döwründe planetanyň daşyndan bir gezek aýlawy amala aşyrar. Şeýlelikde, geostasionar orbitada hereket edýän hemra ýerüstüniň bir nokadynda hereketsiz ýagdaýda “asylyp” durar. Onuň üstündäki radioenjamlar ýerüsti radiostansiýalarynyň tolkunlaryny güýçlendirip, beýleki ýerüsti radiostansiýalaryna alyp eşitdirer. Biziň hemramyz milli telewideniýäniň teleradio ýaýlymlaryny alyp eşitdirmek üçin peýdalanylar. Hemra ýaýlymlarynyň ýokary eşitdiriş we görkezijilik taraplary, şeýle hem ýokary goýberiş ukybyna eýe bolan teleýaýlymlarynyň onlarçasyny tolkuna goýbermäge mümkinçilik berer. Hemra biri-birinden birnäçe müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalarynyň arasynda maglumatlary geçirmäge, giň göwrümli Internet hyzmatlaryny bermäge, uzak aralykdan okuwlary guramaga, lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge, şol sanda dürli wideoşekilli maslahatlary geçirmäge,  şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga ýardam berer.  Milli Liderimiz Dolandyryş merkeziniň hünärmenleri bilen bolan söhbetdeşlikde emeli hemrany ýerüstünden dolandyrmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Hemranyň ähli enjamlaryndan maglumatlar we gözegçilik ölçegleri Dolandyryş merkeziniň kuwwatly kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen merkezi zalynda bellige alnar. Bu ýerde merkeziň hünärmenleri hemranyň hereketine, onuň ulgamlarynyň işleýşine gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi alyp bararlar.

Daşoguz welaýatynda bina edilen Hemrany dolandyrmagyň ýerüsti stansiýasy iş häsiýetnamalary boýunça Ahal welaýatyndaky merkez bilen meňzeşdir we ätiýaçlykdaky dolandyryş nokady bolar.  Şeýle hem täze kosmos pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berlendigi habar berildi. Merkeziň hünärmenleri—Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlary, şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan agentligiň işgärleri – fizikler, matematikler, mehanikler, aragatnaşykçylar, awiatorlar we programmaçylar daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde okuw geçdiler, hünärlerini kämilleşdirdiler. Şertnama laýyklykda, tehniki işgärler we operatorlar taýýarlanyldy. Olar ýerüsti stansiýalardan älemiň orbital enjamynyň ölçeglerini yzarlap, gözegçilik ederler we dolandyrarlar. Merkez bilen tanyşlygyň barşynda Milli Liderimiz hemrany döretmegiň tapgyrlary, dolandyryş merkeziniň iş usullaryny açyp görkezýän wideorollik bilen tanyşdyryldy.

       Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň ikinji gatyna galdy we işgärleriň işlejek jaýyny, maslahatlar zalyny synlady. Merkeziň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalary çözmek üçin iň öňdebaryjy älem tehnologiýalarynyň peýdalanylmagynyň täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän iri özgertmelere sazlaşykly goşulýandygyny nygtady. Äleme çykarylmagy geljek ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen köpugurly älem enjamymyzyň peýdalanylmagy diňe bir ýokary hilli we ygtybarly aragatnaşygyň ýola goýulmagyna, ýaýlymlaryň hiliniň ýokarlanmagyna mümkinçilik bermän, ol ykdysady taýdan-da bähbitli ädim bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özbaşdak hemramyzyň bolmagynyň artykmaçlyklary barada aýtmak bilen, munuň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, täze ykdysady ulgamlarda aň-düşünje kuwwaty artlyrmaga, ylmy ugurly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýratny nygtady. Bu bolsa tutuşlygyna innowasiýa ugrukdyrylan ykdysadyýeti döretmäge ýol açar. Milli hemramyzyň ýere golaý orbita çykarylmagy ykdysadyýetimiziň telearagatnaşyk zerurlygyny üpjün etmäge we bu ulgamyň düzümlerini kämilleşdirmäge ýardam eder. Hemranyň ulanylmaga berilmegi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli çägini ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýokary çözüjilikli formatda has ýokary hilli sanly telewizion gepleşikleri görkezmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hatda iň alysda ýerleşýän obalary hem öz içine almak bilen milli emeli hemramyz aragatnaşygyň we dolandyryşyň innowasiýa ulgamyny döretmek üçin aýratyn ugur bolar. Mundan başga-da, hemra aragatnaşygy Türkmenistanda älem bilen baglanyşykly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam berer, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokary galdyrmaga gulluk eder.

        Milli Liderimiz bu ýerde işlejekleriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy hem-de ähli taslamalar durmuşa geçirilende hem-de merkeziň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde öňdebaryjy inžener-tehniki oý-pikirlerden, innowasion tehnologiýalardan, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çeşmelerden ugur alynmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli hemra agentliginiň dolandyryş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyny tamamlap, dolandyryş merkeziniň bökdençsiz we howpsuz işlemegini üpjün etmegiň, şeýle hem onuň töweregindäki ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna, gök zolaklaryň, döredilmegine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

       Milli Liderimiz dolandyryş merkezi bilen tanyşlygynyň netijelerini jemläp, kosmos pudagyny has-da ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY MILLI KOSMOS AGENTLIGI

 

© 2017 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"