En

Ru

Tm

ÝURDUMYZYŇ ILKINJI HEMRA ARAGATNAŞYGYNA BADALGA BERMEK DABARASY BOLDY

28.04.2015

Şu gün ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52°E” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji bilen älem giňişligine çykaryldy. Şu waka mynasybetli Aşgabat bilen ABŞ-nyň “SpaсeX” kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda teleköpri guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ekranlarda Kanaweral burnundaky kosmodromyň badalga meýdançasyndan berilýän telegepleşiklerde “SpaсeX” we “Thales Alenia Spaсe” kompaniýalarynyň işi barada gürrüň berýän....

Habaryň dowamy...

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MILLI EMELI HEMRANYŇ DOLANDYRYŞ MERKEZINE BARYP GÖRDI

26.11.2014

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda bina edilen Türkmenistanyň milli hemra ulgamynyň dolandyryş merkezine bardy. Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna ylmy gazanylanlary giňden ornaşdyrmak, şeýle hem kosmos işini ösdürmek we kämilleşdirmek onuň ileri tutulýan maksatlaryna öwrüldi. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy geljek ýylyň 1-nji ýarymynda äleme uçurylar.

Habaryň dowamy...

 

1

2

Indiki

ÝERIŇ EMELI HEMRASYNY UÇURMAK WE ONY DOLANDYRMAK IŞLERI

28.04.2015

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasyny uçurmagy amala aşyrmak işleri kosmiki hyzmatlar bazarynda abraýly «SpaceX» kompaniýasyna ynanyldy, ol «Falcon» hemra göterijiler toplumyny işläp taýýarlaýan hem-de kosmos ulgamlarynyň operatory bolan kompaniýadyr. Ol amerikan inženeri Ilon Mask tarapyndan esaslandyryldy we maglumatlar tehnologiýalary, hemra gurluşyk hem-de awtomobil gurluşyk ulgamlarynda gazanan netijeleri bilen dünýäde meşhurdyr. I.Maskyň üstünlikli amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belli PayPal töleg ulgamyny we elektromobilleri öndürýän «Tesla Motors» awtomobil kompaniýasyny görkezmek bolar.

Habaryň dowamy...

 

ÄLEM GIŇIŞLIGINE TARAP

28.04.2015

Bu sene Türkmenistanyň garaşsyz taryhynyň senenamasynda aýratyn orun eýelär: 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral burnundaky kosmodromdan (Florida ştaty, ABŞ) Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52° E» ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Ýurdumyzyň buýurmasy boýunça Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasy tarapyndan gurlan emeli hemra «Falcon 9» göterijisi tarapyndan älem giňişligine çykaryldy. Bu wakanyň möçberine we ähmiýetine düşünmek üçin, birnäçe ýyl mundan öňki wakalara gaýdyp gelmelidiris.

Habaryň dowamy...

 

 

© 2015 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"