TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY MILLI KOSMOS AGENTLIGI

Öň ýany

1

2

Indiki

OLIMPIÝA STADIONYNDA «AŞGABAT 2017» OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY

17.09.2017

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji gezek Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklerine we sportuň ýokary netijelerine bolan çalyşmalarynyň aýdyň nyşanyny alamatlandyrdy......

Habaryň dowamy...

"AŞGABAT 2017" OÝUNLARYNYŇ BEZEG ÖWÜŞGINLERINDE TÜRKMENISTANYŇ TÄSIN MILLI MIRASY ŞÖHLELENDIRILDI

26.09.2017

"Aşgabat 2017" oýunlary diňe bir uly we nurana baýramçylyk bolman, eýsem-de, onda türkmen halkymyzyň medeni mirasy hem-de medeniýetimiziň beýik gazananlary ajaýyp, doly derejede dünýä görkezildi.

Milli myhmansöýerlik ruhuna beslenen oýunlaryň özünden başlap hem-de bu örän uly wakany halk dessurlaryndan, döredijilik, çeperçilik däplerinden jemlenen gurşap alan töwerekdäki milli öwüşginleri öz içine alyp—bularyň hemmesi milli mirasymyzyň özboluşly gözelliginiň hem-de baýlygynyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň heniz pikir maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylýan tapgyrynda ähli babatda.....

Habaryň dowamy...

TÜRKMENISTANLYLAR V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ MAKSATNAMASYNDAKY SPORTUŇ 21 GÖRNÜŞINIŇ 15 SANYSYNDAN BAÝRAKLY ORUNLARA MYNASYP BOLDY

27.09.2017

Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi.

Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medala, şol sanda 36 altyn, 23 kümüş hem-de 59 bürünç medala eýe bolup, üçünji orny eýeledi.....

Habaryň dowamy...

OLIMPIÝA STADIONYNDA V AZIADANYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY BOLDY

27.09.2017

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy.

Şu günler dünýäniň onlarça halklarynyň dillerinde “Türkmenistana şöhrat!” diýen sözler ýaňlanýar. Aziýa ýaryşlary hoşniýetli erkiň dabaralanmasyny dünýä äşgär edip, ajaýyp ýeňşiň köp öwüşginli nury hökmünde Ýer ýüzüne ýaýrady. Agşamara paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň bir ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň ajaýyp paýtagty barada giňişleýin maglumatlary ýaýratdylar......

Habaryň dowamy...

 

© 2017 "Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Milli Kosmos Agentligi"